📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
"Türkmenistan" gazetinde ekologik terbiýä bagyşlanan "tegelek stol" söhbetdeşligi neşir edildi

Neşir edilen: 10.06.2026

"Türkmenistan" gazetinde ekologik terbiýä bagyşlanan "tegelek stol" söhbetdeşligi neşir edildi

Şu gün "Türkmenistan" gazetiniň sahypalarynda ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesillerinde ekologik medeniýeti kemala getirmek meselesine bagyşlanan "Ekologik terbiýe — medeniýetliligiň aýrylmaz bölegi" atly "tegelek stol" söhbetdeşligi neşir edildi.

Söhbetdeşlige öz ugurlary boýunça ýokary hünärmenler gatnaşyp, çykyş etdiler. Olar: — Sapargeldi Durdyýew — Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent; — Jemal Durdykowa — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) taslama seljerijisi; — Leýli Şyhmädowa — «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda irki çagalyk döwründen başlap bilim edaralarynda ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada gürrüň edilýär. Aýratyn-da, mekdeplerde giňden ulanylýan, ýaşlara howanyň üýtgemegi baradaky döwrebap bilimleri berýän «Klimat gutusy» atly interaktiw okuw-oýun gollanmasynyň täze neşiri, ýaşlaryň halkara ekologik bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri dogrusynda durlup geçilýär. Şeýle-de, «Ýaş tebigatçy» guramasynyň gurnaýan innowasion bäsleşikleri hem-de ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini amaly tejribede berkidýän «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasyna guralan ekosyýahatlar barada giňişleýin maglumat berilýär.

Bu makalanyň esasy ähmiýeti — häzirki döwürde howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy ekologik wehimleriň öňüni almakda her bir adamyň tebigata bolan aýawly, jogapkärçilikli garaýşynyň we ekologik medeniýetliliginiň döwrüň möhüm talabydygyny jemgyýete ýetirmekden ybaratdyr. Çagalarda kiçilikden kemala gelýän ekologik terbiýe ene topragyň baýlyklaryny gorap saklamagyň we geljekki nesillere sagdyn daşky gurşawy miras goýmagyň berk kepilidir.

Makalany dolulygyna üç dilde saýtymyzyň “Makalalar” bölüminde okap bilersiňiz.