
Neşir edilen: 10.06.2026
Ekologik terbiýe — medeniýetliligiň aýrylmaz bölegi
Bir çagada içen suwunyň gabyny ýa-da iýen doňdurmasynyň daşyny-galyndysyny köçä zyňman, ýörite niýetlenen ýerlere eltip goýmak endiginiň terbiýelenilmegi tebigata edilen bir ömürlik uly ýagşylykdyr. Bir adamyň tebigatyň gözelliklerini gözüniň göreji deý gorap, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmegi, bagyna-gülüne zyýan ýetirmän, howasyny-suwuny hapalaman ýaşamagy ene topragyň bir perzendinden baky razy boldugydyr. Bular her bir adamyň dünýäsinde-düşünjesinde, aňynda-ýüreginde kiçiliginden şineläp, kök urmaly beýik duýgynyň — tebigata bolan söýginiň, ekologik terbiýäniň diňe käbir alamatlarydyr. Aslynda, adamyň özi hem şol tebigatyň bir bölegi ahyryn! Onsoň ol öz-özüne zyýan ýetirip ýörse niçik bolar?! Onuň kiçijik ýüreginde tebigata uly söýgini götermegine hakyky ynsan bolmagynyň bir şerti diýesiň gelýär. Häzirki zaman dünýäsinde, adamzadyň howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýan şindiki çagynda bolsa şeýle meseleleriň çözgüdini tapmakda adamlaryň ekologik medeniýetliligini kämilleşdirmek döwrüň möhüm talaby, wajyp wezipesi hökmünde hem güberçekläp öňe çykýar. Hemmämiziň umumy öýümiz saýylýan tebigata, netijede, tutuş ynsanyýetiň abadan ýaşaýşyna-da howp salýan şeýle ekologik wehimleriň aradan aýrylmagy her birimiziň hereketlerimize, tagallalarymyza, daşky gurşawyň gözelliklerine eýeçilik gözi bilen aýawly garamagymyza bagly. Şu barada oýlanýarkaň, jemgyýetimizde kalby tebigata bolan söýgüden püre-pür, bilim-terbiýeli ýaş nesilleriň tapgyr-tapgyr kemala gelip, gazanylýan ösüşlere goşant goşýandygyna guwanýarsyň. Biz şeýle ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda ýurdumyzda ýola goýlan we üstünlikli alnyp barylýan işler barada gyzyklanyp, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Sapargeldi DURDYÝEWIŇ, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň howanyň üýtgemegi barada habarlylygy ýokarlandyrmak we ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak boýunça taslama seljerijisi Jemal DURDYKOWANYŇ hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýli ŞYHMÄDOWANYŇ gatnaşmagynda «tegelek stol» söhbetdeşligini guradyk.
— Sapargeldi Kakyşowiç, söhbetdeşlige Siziň bilen başlasak makul bolar. Ýaş nesillerde kiçilikden ekologik medeniýeti terbiýelemekde bilim-terbiýeçilik edaralaryna möhüm orun degişli. Ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan bu babatda nähili işler, çäreler durmuşa geçirilýär?
— Ekologik medeniýet adamzadyň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda bagtyýarlygyň çeşmesi hasaplanylýan terbiýäniň on iki görnüşi barada durup geçmek bilen, onuň möhüm görnüşi — ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesiniň adamzat jemgyýetindäki orny we ähmiýeti hakda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan nesil terbiýesiniň bu möhüm görnüşiniň ýaşlara terbiýäniň beýleki görnüşleri bilen utgaşykly we sazlaşykly ýagdaýda berilýändigini bellemek gerek. Mysal üçin, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpelere «Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak» sapagy öwredilýär. Onuň esasy maksady körpelere daşymyzy gurşap duran tebigat barada ilkinji düşünjeleri bermekden, olary jemgyýetçilik durmuşy bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup, çagalarda kiçilikden daş-töwerege, tebigata bolan söýgi, ekologik medeniýet kemala getirilýär. Oýunlar, maglumatlar arkaly adam özüniň tebigat bilen bir bitewüdigine irki çagalyk döwürlerinden düşünip başlaýar. Körpeleriň ekologiýa babatda sowatly, medeniýetli bolmagy bilen aýrylmaz baglanyşykly başarnyklary terbiýelemek wezipesi ähli sapaklaryň içinden eriş-argaç geçýär.
Umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinde ýaş nesillerde ekologik medeniýeti terbiýelemek dürli okuw dersleriniň, aýratyn-da, tebigaty öwreniş we ýaşaýyş-durmuş esaslary dersleriniň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu dersleriň okuw maksatnamalarynda ekologik medeniýetiň möhüm düzüm bölekleri hasaplanylýan tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, onuň kanunlaryny bilmek we berjaý etmek, tebigy baýlyklary gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, tebigaty şu gözel durkunda geljekki nesillere miras goýmak baradaky gymmatly bilimler, düşünjeler uly orun tutýar. Umumybilim maksatnamalarynyň esasy we doly orta bilim derejelerinde bolsa ösüp gelýän ýaş nesilde ekologik medeniýeti terbiýelemekde biologiýa, geografiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary, edebiýat dersleriniň möhüm orny eýeleýändigini bellemek gerek.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, umumy orta bilim berýän mekdepleriň okuw meýilnamasyna täze girizilen we 11-12-nji synplaryň okuwçylaryna öwredilýän ekologiýa dersiniň ýaş nesilde ekologik medeniýeti terbiýelemekdäki orny we ähmiýeti örän uludyr. Bu babatda mekdep okuwçylarynyň dürli okuw dersleri boýunça ýerine ýetirýän ylmy-döredijilik (taslama) işlerine hem möhüm orun degişlidir.
— Türkmenistan «Klimat gutusy» atly halkara taslama hem işjeň gatnaşýar. Bu taslamanyň maksady, aýratynlyklary nämelerden ybarat?
S.DURDYÝEW:
— Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşynda häzirki döwrüň örän wajyp ekologik meseleleriniň biri hasaplanylýan howanyň ählumumy üýtgemegi, onuň getirýän netijeleri barada aýratyn durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz bu hakda: «Häzirki wagtda biziň hemmämiz çynlakaý ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Durmuşyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän howanyň üýtgemegi bu wehimleriň esasysy bolup durýar. Biz suw serişdeleriniň azalmagynyň, topragyň ýaramazlaşmagynyň, çölleşme hadysasynyň güýçlenmeginiň, biologik köpdürlüligiň ýitirilmeginiň, ýaşaýyş üçin amatsyz bolan çäklerden göçüp gitmek hadysalarynyň artmagynyň şaýady bolýarys» diýip belledi.
Howanyň ählumumy üýtgemegi we onuň getirýän ýaramaz netijeleri ösüp gelýän ýaş nesle howa barada döwrebap we zerur bilimleri öwretmegi hem-de olarda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça möhüm başarnyklary kemala getirmegi bilim edaralarynyň öňünde wajyp wezipe edip goýýar. Şu derwaýys wezipäni çözmekde hem «Klimat gutusy» atly halkara taslamanyň uly ähmiýeti bar. Ýurdumyz bu taslama işjeň gatnaşyp, ösüp gelýän ýaş nesle howanyň üýtgemegi baradaky döwrebap bilimleri bermekde ony okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşdyrýar. Bu halkara taslamanyň esasynda «Klimat gutusy» atly okuw-oýun materiallar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) tehniki taýdan ýardam bermeginde 2019-njy ýylda ilkinji gezek türkmen we rus dillerinde neşir edildi hem-de ýurdumyzyň bilim edaralaryna berildi. Şu ýylda bolsa bu toplumyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylan, gurluş babatda kämilleşdirilen täze neşiri çap edilip, bilim edaralaryna hödürlendi.
«Klimat gutusy» — bu «Howanyň üýtgemegi» temasy boýunça mekdep okuwçylary we ýaşlar üçin bilim maksatnamasy hem-de şonuň bilen adybir bolan okuw materiallarynyň toplumy. Ol Ýer togalagynda howanyň üýtgemegi bilen bagly derwaýys meseleler dogrusyndaky maglumatlary, ýumuşlary, taslama işleri üçin gymmatly oý-pikirleri (ideýalary), didaktiki oýunlary, şeýle hem bu wajyp temany sapaklarda we synpdan daşary guralýan dürli çäreler arkaly nädip öwretmelidigi babatda pedagoglar üçin geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde usuly maslahatlary, tälim beriş okuwlary (treningleri) hödürleýär. Ol umumybilim berýän orta mekdepleriň 2 — 12-nji synplarynyň okuwçylary hem-de bilim edaralarynda tebigaty öwreniş, biologiýa, geografiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary, ekologiýa, himiýa derslerini okadýan mugallymlar üçin «Howanyň üýtgemegi» temasy boýunça okuw-oýun materiallar toplumynyň düzümine girýär.
«Klimat gutusy» atly okuw gollanmasy interaktiw okuw toplumy bolup, ol howanyň ählumumy derejede üýtgemegini görnetin, açykdan aýdyň ýagdaýda öwrenmäge kömek edýär. Bu gollanma häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň hem milli aýratynlyklaryna uýgunlaşdyryldy.
— Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ugurlaryň biri bolan ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak babatdaky işlere ýaşlary işjeň çekmek boýunça halkara guramalar, olaryň degişli düzümleri bilen bilelikde nähili işler durmuşa geçirilýär?
J.DURDYKOWA:
— Ekologiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýän işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirini azaltmak, energiýa netijeliligi, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek, şäherleriň durnukly ösüşi, biologik dürlüligi gorap saklamak we ekoulgamlary dikeltmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzda ýaşlary bu ugurdaky işlere çekmek babatda Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda-da giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. BMG-niň bu düzüminiň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we howa babatynda hereket etmek üçin klimatik bilim» atly taslamasynyň amala aşyrylmagy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Sapargeldi Kakyşowiçiň belleýşi ýaly, şol taslama ösüp gelýän ýaş nesli howanyň ählumumy möçberde üýtgemeginiň meselesini öwrenmäge ýakyndan gatnaşdyrmak maksady bilen döredilen interaktiw okuw gollanmalarynyň toplumydyr. Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bu taslama ilki bir ýurtda ýaýbaňlandyrylyp, soňlugy bilen halkara maksatnama öwrüldi. Häzirki wagtda «Klimat gutusy» gollanmasy 17 dilde elýeterlidir, onuň görnüşleri bolsa Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň mekdep maksatnamalaryna hem-de ýerli şertlerine uýgunlaşdyryldy. 2023 — 2026-njy ýyllaryň dowamynda bolup geçen özgerişler has-da möhüm maglumatlary öz içine alýar we halkara taslamanyň gerimini Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna çenli giňeldýär.
Häzirki wagtda «Klimat gutusy» okuw gollanmalarynyň toplumy ýurdumyzda uýgunlaşdyryldy hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň goldawyny, Ylymlar akademiýasynyň Seljeriş toparynyň oňyn Netijenamasyny aldy. Şeýlelikde, «Klimat gutusy» 1 müň nusgada (500-si rus dilinde, 500-si türkmen dilinde) çap edildi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligine gowşurylmaga taýýar edildi. Mugallymlara amatly we oňaýly bolmagy üçin gollanmalar toplumynyň düzümine onuň elektron görnüşi hem goşuldy. Taslamanyň çäklerinde 2023 — 2026-njy ýyllar aralygynda dürli dersleriň mugallymlary üçin howanyň üýtgemegi meselesi boýunça birnäçe webinarlar tapgyry geçirildi. Türkmenistanly mugallymlar Gazagystanyň Almaty, Tailandyň Bangkok şäherlerinde geçirilen halkara maslahatlara hem işjeň gatnaşdylar we üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen okuwçylary çagalar üçin guralan tomusky lagerde boldular we özleriniň howa taslamalary bilen çykyş etdiler. 2025-nji ýylda «Howanyň üýtgemegi» boýunça olimpiada geçirildi. Onlaýn görnüşde guralan klimatik olimpiadanyň netijeleriniň görkezişi ýaly, sebitleriň «Klimat gutusy» başlangyjyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Baýrakly orunlaryň birine Ahal welaýatynyň Tejen şäherinden mekdep okuwçysy mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzyň çar künjeginde ýaşlaryň bu işe barha işjeň gatnaşýandygyny, olaryň höwesiniň artýandygyny alamatlandyrýar. Şu ýyl «Klimat gutusy» taslamasynyň çäginde geçirilen halkara bäsleşigiň jemleri jemlenilende, türkmenistanly mugallymlar hem baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Howanyň üýtgemegi, sanlylaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we bu işlere ýaşlary gatnaşdyrmak boýunça maglumatlary köpçülige ýaýmak hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda ol mekdep okuwçylary, talyplar üçin yzygiderli esasda okuw sessiýalaryny, agaç nahallaryny ekmek, çägi galyndylardan arassalamak ýaly ekologik çäreleri guraýar.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň maslahatynyň her ýylky mejlisine taýýarlyk görmeginiň çäklerinde, Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi barada ýaşlar maslahatynyň (LCOY) çärelerini guramaga we geçirmäge BMG-niň Ösüş maksatnamasy işjeň gatnaşýar. Munuň maksady Türkmenistanyň ýaşlarynyň başlangyçlarynyň Jemleýji gysgaça beýanyny taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu çäreler 2021-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilip gelinýär. Şeýle çärelere göreldeli talyplar, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, howa işjeňleri, degişli bilermenlerdir halkara maslahatçylar gatnaşýarlar.
— Ýaşlarda tebigata bolan söýgini artdyrmak, olaryň ekologik başlangyçlaryny goldamak babatda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy nähili işleri alyp barýar? Guramanyň geljekki maksatlary, ýaş tebigatçylar bilen geçirmegi meýilleşdirýän çäreleri barada nämeleri aýdyp bolar?
L.ŞYHMÄDOWA:
— Ýurdumyzda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy 2022-nji ýylyň güýzünde döredildi. Ýaş nesilleriň ekologik medeniýetini kemala getirmek, daşky gurşawy goramak babatdaky başlangyçlaryny goldamak onuň esasy maksadydyr. Biz bu ugurda diňe bir wagyz-nesihat işlerini alyp barmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlary amaly we ylmy-döredijilik çärelerine-de işjeň çekýäris.
Guramamyz tarapyndan ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga dahylly innowasion başlangyçlaryny goldamak maksady bilen birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Muňa mysal hökmünde BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy, Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde paýtagtymyzyň 7 — 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Ozon we howa» atly ylmy-döredijilik bäsleşigini-de görkezmek bolar. Oňa okuwçylar ozon gatlagyny goramak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça özleriniň täzeçil taslama işlerini, maketlerini hödürlediler. Şeýle-de ýaşlaryň döredijilik ukybyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Bagy-bossan Watanym» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde «Ýaşyl» geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäräni geçirdik. Biz şeýle çäreleri ýygy-ýygydan geçirip durýarys.
Ýaşlarda ekologik medeniýeti kemala getirmek, olara tebigy serişdelere aýawly çemeleşmegiň ähmiýetini amaly tejribede görkezmek üçin ekosyýahatlara aýratyn orun berýäris. Aprel aýynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň Aral deňziniň sebitindäki ekoulgamlary durnukly dolandyrmak boýunça taslamasynyň çäklerinde ýaşlaryň gatnaşmagynda «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasyna iki günlük ekosyýahat çäresini guradyk. Onuň dowamynda ýaş tebigatçylar hünärmenleriň gatnaşmagynda kenarýaka tokaýlaryň ekoulgamy, sebitdäki seýrek duş gelýän guşlar we haýwanat dünýäsi baradaky bilimlerini baýlaşdyrdylar hem-de daşky gurşawy arassa saklamagyň amaly tejribelerini öwrendiler. Şeýle çäreler ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, olarda daşky gurşawa jogapkärçilikli garaýşy döretmäge ýakyndan ýardam edýär.
Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarys. Guramamyzyň tebigatchy.co.tm diýen resmi saýtynda ýurdumyzyň we dünýäniň ekologiýa degişli habarlary üç dilde yzygiderli ýerleşdirilýär. Saýtda diňe bir habarlar däl, eýsem, döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy işgärleriniň, tejribeli ekologlaryň we hünärmenleriň ylmy-köpçülikleýin makalalary-da neşir edilýär. Gyzykly habarlardyr makalalary taýýarlamakda ýaş meýletinçilerimiziň uly işjeňlik görkezýändikleri bizi guwandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uludan toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň öňünde has-da belent maksatlar durýar. Ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini, dürli döredijilik bäsleşiklerini guramagy täzeçil çemeleşmeler bilen dowam ederis. Mundan başga-da, ýaşlaryň ekologiýa degişli taslamalaryny, ylmy-gözleg işlerini we tekliplerini giňden goldamak maksady bilen, tebigaty goramaga bagyşlanan iri bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaş tebigatçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalaryna täze ekosyýahatlary amala aşyrarys.
— Hormatly myhmanlar, «tegelek stol» söhbetdeşligimize gatnaşyp, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin size köp sagbolsun aýdýarys hem-de alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de diňe üstünlik, abraý gazanmagyňyzy arzuw edýäris.