«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
🐌 Näme üçin ulitkalar ýagyşdan soň peýda bolýarlar?

Neşir edilen: 22.04.2026

🐌 Näme üçin ulitkalar ýagyşdan soň peýda bolýarlar?

Ýagyşdan soňra daş-töwerek janlanyp, agaçlaryň sütünlerinde we ýanýodalarda haýaljak hereket edýän ulitkalara (gastropoda) ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Eýsem, näme üçin bu jandarlar edil ýagyşdan soňra peýda bolýarlar? Munuň syry örän ýönekeý: ulitkalar çyglylygy gaty gowy görýärler, sebäbi olaryň bedeniniň guramazlygy üçin hemişe nem gerek. Gurak howada olar gizlenip ýatýarlar, ýagyş ýaganda bolsa, hem iýmitlenmek, hem-de täze ýerlere süýrenip geçmek üçin amatly pursat gelip ýetýär. Durman hereket eden ýagdaýynda, 1 kilometr ýoly geçmek üçin olara bir hepdeden gowrak wagt gerek bolýar. Tebigatyň bu kiçijik syýahatçylarynyň täsin we gyzykly pursatlaryny özünde jemleýän görnüşe saýtymyzyň "Media" bölüminde seredip bilersiňiz.