«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
Gül-gülälek Repetegiň goýnunda 🌹

Neşir edilen: 26.04.2026

Gül-gülälek Repetegiň goýnunda 🌹

34 müň 600 gektar meýdany eýeleýän Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň esasy maksady ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan hem-de dikeltmekden, geljekki nesillere asyl nusgasynda ýetirmekden ybaratdyr. Ol merkezi Aziýada ilkinji döredilen goraghanalaryň biri bolup, sähralyk-çöl meýdanynyň aýratynlygy, täsin tebigy gözellikleri bilen tapawutlanýar.

Goraghana gündogar Garagumyň merkezinde, Türkmenabat şäherinden 70 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Bu ýerde alnyp barlan ylmy barlaglar goraghananyň çäklerinde süýdemdirijileriň 29, guşlaryň 202, süýrenijileriň 22, oňurgasyzlaryň 1343 görnüşiniň, şeýle-de ösümlikleriň 32 maşgalasyna degişli 120 görnüşiniň duş gelýändigini ýüze çykardy.

Soňky ýyllarda goraghananyň işgärleriniň alyp barýan yzygiderli işleriniň netijesinde guşlaryň adaty syçançy, bürgüt, gajar, sähra göwenegi, togdary, çöl serçesi ýaly görnüşleriniň sanyny ep-esli artdyrmak başartdy. Goraghanada ýerli ösümlikler agdyklyk edip, olaryň aglabasy başga ýerde duş gelmeýän ösümliklerdir. Bu ýerdäki ösümlikleriň köpüsi dermanlyk häsiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda şeýle ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär.

Häzirki dowam edýän ýaz aýlarynda tebigatyň ýaşyl donuny atynyp, gül-gülälekler bilen bezelmegi Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän bu goraghanany gözellige besleýär. Şu günler goraghananyň ylym bölüminiň işgärleri ýazky meýdan gözegçilik işlerini geçirýärler. Bu goraghananyň düzümine girýän Ýerajy tebigy çäkli goraghanasy hem özüniň täsinlikleri, haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen, hususanam bu ýerde duş gelýän guşlaryň köpdürliligi bilen tapawutlanýar.

Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň Repetek döwlet biosfera goraghanasynda geçiren okuw-maslahatynda daşky gurşawy, tebigaty goramak bilen baglanyşykly boldy.  Onuň dowamynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, Garagum sährasynyň gözel tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde döwlet syýasatynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada giňişleýin durlup geçildi.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň hünärmenleri gözel tebigatymyzy goramakda uly tagallar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini  aýdýarlar.