«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Neşir edilen: 11.05.2026

«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

7-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Ýurt abadan — il bagtyýar» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu ähmiýetli çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Ýangyn-amaly sport Federasiýasy, Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullygy, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bäsleşige gatnaşan okuwçylar ýangyn howpsuzlyk düzgünleri barada ýazan makalalaryny, hekaýalaryny, goşgularyny we düzen krosswordlaryny hödürlediler. Bäsleşigiň netijesinde iň oňat işler saýlanyp alnyp, ýeňijiler yglan edildi.

«Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli guralmagy ýaş nesliň arasynda ýangyn howpsuzlyk kadalaryny giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Biz bu çäre arkaly okuwçylaryň diňe bir döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem olarda daşky gurşawy goramagyň medeniýetini we tebigata bolan jogapkärçilikli garaýşy kemala getirmegi maksat edindik» — diýip,  «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni Merjen Akyýewa gürrüň berdi.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.