Neşir edilen: 24.04.2023
Ýaş tebigatçylar we halkara guramalar Aşgabatda Ýer gününi bellediler
2023-nji ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabatda Ýer güni birnäçe uly göwrümli ekologiýa we wagyz-nesihat çäreleri bilen bellenildi. Paýtagtymyzyň seýilgähleriniň birinde 150-ä golaý çagany we ýetginjegi bir ýere jemlän ekologiýa festiwaly geçirildi. Bu şowhunly baýramçylygy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilelikde guradylar.
Festiwalyň çäginde daşky gurşawy goramaga bagyşlanan çagalaryň surat bäsleşiginiň gatnaşyjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaş awtorlar öz döredijilik işleriniň üsti bilen tebigata bolan aýawly garaýyşlaryny görkezdiler, bäsleşigiň ýeňijilerine bolsa myhmanlaryň we guramaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.