
Neşir edilen: 05.06.2026
Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk: Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi. 4-nji iýunda badalga alan iki günlük çäräniň ilkinji güni ýaşlar üçin örän täsirli we mazmuna baý wakalara beslendi.

Ylmy-amaly esasda utgaşan duşuşyklar ilki bilen Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň muzeýine guralan gezelençden başlandy. Bu ýerde ýaş ekologlar ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigy aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Çäräniň dowamy umumy okuw sapaklary bilen utgaşyp, gatnaşyjylar Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlaghanalaryna baryp gördüler. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri we olaryň halk lukmançylygynda peýdalanylyşy barada guralan tanyşdyrylyş sapagy ýaş ýuneskoçylar we tebigaty goraýjylar üçin hakyky ylym meýdançasyna öwrüldi. Ýaşlar bu ýerde geçirilen ylmy barlaglar we gymmatly maglumatlar bilen tanyşyp, özara tejribe alyşdylar.