
Neşir edilen: 14.10.2026
Aşgabatda “Ozon gatlagyny goramak näme üçin gerek?” bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Ozon gatlagyny goramak näme üçin gerek?” atly bäsleşigiň sylag gowşuryş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumy bilim berýän orta mekdepleriň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşigi “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilelikde gurady.
Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň arasynda ozon gatlagyny goramagy wagyz etmekden, şeýle hem ekologik taýdan arassa, ygtybarly we durnukly geljegi döretmäge gönükdirilen innowasion başlangyçlary höweslendirmekden ybarat boldy.
Dabaranyň işine “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça hünärmeni I.Ýakubow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkeziniň hünärmenleri we meýletinçileriň birnäçesi gatnaşdy.
Sylag gowşuryş dabarasynda bäsleşige gatnaşan ýaşlara ekologiýany, şol sanda ozon gatlagyny goramagyň we ýaşlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiş gazanan ýaşlara ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.
Ýeňijiler:
1-nji orun — Madina Yhtyýarowa, Lebap welaýatynyň 13-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy (baýrak: planşet);
2-nji orun — Aýnur Durdyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen döwlet dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby (baýrak: saz kalonkasy);
2-nji orun — Merjen Ataýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby (baýrak: “Alisa” stansiýasy);
3-nji orun — Mähriban Orazberdiýewa, Mary welaýatynyň 5-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy (baýrak: gulaklyk);
3-nji orun — Aýna Badakowa, Türkmen döwlet oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby (baýrak: gulaklyk);
3-nji orun — Merdan Baýramow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby (baýrak: gulaklyk).