
Neşir edilen: 08.06.2026
🌦️ Howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 8-14-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň çäginde günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22°С-dan +24...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +28...+30°С maýyldan +37...+39°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29...+34°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23°С-dan +22...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +26...+31°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+35°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+35°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+20°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +26...+31°С maýyldan +32...+37°С aralygynda yssy bolar.
Täze hepdäňiz şowly, ojagyňyz elmydama asuda we agzybir bolsun!