Gözlegçiniň nazary bilen: tebigata bolan garaýyş nähili üýtgeýär? • «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmen oba hojalyk institutynda guralan ekologiýa çäresine gatnaşdy • «Ýaşyl diwardan» agaçlaryň hukuklaryna: Ekologiýada täze ädimler
Yza
Howa maglumaty: Balkanda az-kem ýagyş ýagar, gijeki temperaturalar ýokarlanar

Neşir edilen: 06.07.2026

Howa maglumaty: Balkanda az-kem ýagyş ýagar, gijeki temperaturalar ýokarlanar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 6–12-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň çäginde günorta-günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, Diýarymyzyň Balkan welaýatynda az-kem ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.

  • Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +26 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +39 gradusdan +40... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

  • Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

  • Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

  • Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

  • Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

  • Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Tomsuň bu yssy günlerinde saglygyňyzy goramagy, köpräk suw içmegi we saýaly ýerlerden peýdalanmagy unutmaň. Daşarynyň yssysyna garamazdan, köňlüňizde hemişe bahar pasly dowam etsin. Günleriňiz şatlyga beslensin!