«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
Howa maglumaty: ýagyşly neýsana geçýäris

Neşir edilen: 30.03.2026

Howa maglumaty: ýagyşly neýsana geçýäris

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň berýän maglumatyna görä, şu hepde (30-njy mart – 5-nji aprel aralygynda) ýurdumyzyň çäginde günbatardan çyg howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +12 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +23 gradusdan +29... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6... +11 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +30 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6... +11 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +17... +22 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4... +9 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +16... +21 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.