Ählihalk bag ekmek dabarasynda 611 müňden gowrak nahal ekildi • Panamada dünýäniň iň ownuk ýaprakly agajy tapyldy • Howa maglumaty: Nowruzdan soň gyş bolmaz...
Yza
Howa maglumaty: "Bir bölejik bulut gelýär ýagmaga"

Neşir edilen: 16.03.2026

Howa maglumaty: "Bir bölejik bulut gelýär ýagmaga"

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. 16-22-nji mart aralygynda ýurdumyzda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +9...+14 gradusdan +18...+23 gradusa çenli, gijelerine +2...+7 gradusdan +7...+12 gradusa çenli maýyl bolar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +16...+21 gradus, gijelerine +2...+7 gradusdan +8...+13 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +9...+14 gradusdan +15...+20 gradusa çenli, gijelerine –2...+3 gradusdan +4...+9 gradusa çenli maýyl bolar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda az-kem ýagyş ýagar.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +10...+15 gradusdan +17...+22 gradusa çenli, gijelerine 0...+5 gradusdan +7...+12 gradusa çenli maýyl bolar.

Mary welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +11...+16 gradusdan +19...+24 gradusa çenli, gijelerine +1...+6 gradusdan +8...+13 gradusa çenli maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +11...+13 gradusdan +19...+21 gradusa çenli, gijelerine +3...+5 gradusdan +7...+9 gradusa çenli maýyl bolar.