Howa maglumaty: gündizlerine 44 gradusa çenli yssa bolar • Dünýäniň iň owadan sözi diýlip ekologik garaýyşlary aňladýan adalga saýlandy • Kongo tokaýlyklarynda maýmynyň täze görnüşi tapyldy
Yza
Taýwanda özboluşly garpyz karnawaly geçirildi

Neşir edilen: 30.06.2026

Taýwanda özboluşly garpyz karnawaly geçirildi

Taýwanyň Pindun uýezdine degişli Szýadun şäherçesinde adanyň iň esasy baýramçylyklarynyň biri bolan Aždarha gaýyklary baýramy mynasybetli özboluşly garpyz karnawaly guraldy. Sebit umumy garpyz hasylynyň takmynan 60 göterimini ösdürilip ýetişdirýän we ýerli daýhanlary «garpyz dünýäsiniň çarwalary» hökmünde tanalýan mekandyr. Karnawalyň çäginde müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda uly garpyzlary dik goýup bezemek bäsleşigi we dürli dabaralar geçirildi. Bu çäre ýerli oba hojalyk önümlerini mahabatlandyrmagyň ajaýyp usulyna öwrüldi.

Mundan başga-da, dünýäniň köp ýurtlarynda her ýylyň 3-nji awgusty Bütindünýä garpyz baýramçylygy hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Muňa mysal edip, her ýyl Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheriniň taryhy Gündogar bazarynda geçirilýän Garpyz festiwalyny görkezmek bolar. Ol ýerde aşpezler myhmanlara garpyzdan taýýarlanan üýtgeşik tagamlary we salkynladyjy içgileri hödürleýärler, şeýle hem garpyzlaryň ýüzüne çeperçilik bilen nagyş çekmek (karwing) sungatyny görkezýärler.

Ýurdumyzda bolsa bu datly bakja önüminiň baýramçylygy her ýyl noýabrda uly dabara bilen bellenilýän Hasyl toýy bilen utgaşýar. Köp dertleriň dermany hasaplanýan bu ajaýyp nygmat yssy tomus günlerinde adamlara hezil berip, saçaklarymyzyň we toýlarymyzyň hakyky bezegine öwrülýär.