
Neşir edilen: 24.04.2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada "RES 2026" sebitleýin ekologiýa sammitine işjeň gatnaşdy
Gazagystanyň paýtagtynda 22–24-nji aprel aralygynda geçirilen "RES 2026" Sebitleýin ekologiýa sammiti Türkmenistanyň wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagynda netijeli tamamlandy. Üç günüň dowamynda sebitiň ekologiýa geljegi ara alnyp maslahatlaşylan bu halkara çärä ýurdumyzyň dürli pudaklaýyn edaralaryndan wekiller gatnaşdylar.
Wekiliýetiň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler, Daşky gurşawy goramak, Oba hojalyk, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň direktory, FAO-nyň Türkmenistandaky sebit wekilhanasynyň wekilleri hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy bar.
Sammitiň çäklerinde guralan Merkezi Aziýada howa maýa goýumlary boýunça ministrler derejesindäki tegelek stola Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri gatnaşyp, ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş meselelerine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ministrligiň resmi saýtynda habar berlişine görä, ol ileri tutulýan ugurlar hökmünde howa töwekgelçilikleri boýunça irki duýduryş ulgamlaryny döretmegi, howa taslamalarynyň bukjasyny emele getirmegi, şeýle hem uýgunlaşma, ekologiýa gözegçiligi we tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy görkezdi.
Bu halkara sammit Türkmenistanyň sebitde "ýaşyl" diplomatiýany ösdürmek we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky yzygiderli tagallalarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.