«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Neşir edilen: 22.04.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak bilen bagly boldy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän ýerine — “EXPO” halkara sergiler merkezine bardy.

Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EXPO” halkara sergisi bilen tanyşdylar. Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda geçirilýän bu sergi Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» geljeginiň tehnologik gözden geçirilişine öwrüldi.

Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär. Sergi bölüminiň merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna möhüm orun berlipdir.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, wekiliýet ýolbaşçylary “Durnukly geljek barada umumy garaýyş” mowzugynda guralýan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň plenar mejlisiniň geçiriljek ýerine — Kongresler merkezine geldiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitdäki çykyşynda häzirki wagtda howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň azalmagy we çölleşme ýaly global wehimleriň durnukly ösüşe ýetirýän täsirine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň, olaryň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Hazar deňziniň we Aralyň ekologiýa meselelerine hem aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Hazar ekologiýa başlangyjynyň Konsepsiýasyny taýýarlandygy we şu ýylyň oktýabr aýynda bu ugurda ýokary derejeli täze duşuşygyň geçiriljekdigi bellenildi.

Sammitiň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama sebit ýurtlarynyň durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ugrundaky hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz AHHG-niň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagy, Aral deňziniň sebitiniň meselelerini çözmek bilen bagly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary hem-de donorlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi, häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutup, BMG bilen AHHG-niň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip etdi.

Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.