
Neşir edilen: 21.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilindöwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe sagatdan soňra Astananyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Ýurdumyzyň öňe sürýän ekologiýa başlangyçlary BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.