«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
Türkmenistanda elguşlaryň dolanyşygynyň tertibi tassyklanyldy

Neşir edilen: 05.04.2026

Türkmenistanda elguşlaryň dolanyşygynyň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan elguşlary ýurda getirmek, daşyna çykarmak we olaryň söwdasyny düzgünleşdirýän täze tertip tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, elguşlaryň (bürgüt, laçyn, ütelgi) eýeleri guşlaryny ygtyýarly edarada we Elguş awçylarynyň milli jemgyýetinde hasaba aldyrmalydyr. Hasaba alyş şahadatnamasy 5 iş gününiň dowamynda resmileşdirilýär.

Elguşlary satmak, satyn almak, çalyşmak we sowgat bermek amallary täze tertibe laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Guşlary serhetden geçirmek üçin ýörite rugsatnama talap edilýär. Ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşler üçin CITES Konwensiýasynyň (Türkmenistan 2024-nji ýylda goşuldy) goşmaça rugsatnamasy hökmanydyr.

Bu resminama «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Kanuny durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.