«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
Türkmen ýaşlary ekologiýa we ykdysadyýet meselelerini utgaşdyrmagy öwerenýärler

Neşir edilen: 23.04.2026

Türkmen ýaşlary ekologiýa we ykdysadyýet meselelerini utgaşdyrmagy öwerenýärler

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda köpçülikleýin çykyş etmegiň sungatyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Onuň esasy mowzugy ýurduň durnukly ösüşi üçin möhüm ugur bolan ykdysady-ekologiýa gün tertibini öňe sürmekden ybarat boldy. Bu çärä ykdysadyýet, maliýe, halkara gatnaşyklary we ekologiýa ugurlary boýunça bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň 50-ä golaý talyby gatnaşdy. Bu barada Merkeziň metbugat beýanynda habar berilýär.

Çäräniň dowamynda halkara bilermen geljekki hünärmenlere netijeli kommunikasiýanyň esaslaryny düşündirdi. Talyplar ykdysady we ekologiýa durnuklylygynyň çylşyrymly meseleleri boýunça prezentasiýalary dogry taýýarlamagyň, degişli adalgalary saýlamagyň hem-de diňleýjileriň ünsüni saklamak üçin sanly tehnologiýalary ulanmagyň ýollaryny öwrendiler.

Okuw maslahatynda gatnaşyjylar, şol sanda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ilçileri toparlara bölünip, ekologiýa we ykdysadyýet mowzuklary boýunça gysgaça çykyşlary taýýarladylar. Mundan başga-da, talyplar özara çekişmelere gatnaşyp, köpçülikleýin çykyş etmegiň amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle okuwlar ýaşlara öz garaýyşlaryny ynamly beýan etmäge we durnukly ösüşiň gün tertibindäki meseleler boýunça döredijilikli çykyş etmäge ýardam berýär.

ÝHHG-niň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň maksatnama utgaşdyryjysy Rýune Kastbergiň belleýşi ýaly, bu çäre ýaşlaryň ukyplaryny açyp görkezmekde we olaryň ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlara goşandyny artdyrmakda nobatdaky ädimdir.