
Neşir edilen: 30.05.2025
«Tebigatyň sesi»: wideobäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Tebigatyň sesi» atly wideobäsleşigiň jemi jemlendi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen dabara köp sanly ýaşlary we ekologlary bir ýere jemledi.
«Geljek üçin tebigaty goralyň!» şygar astynda guralan çärä 14-25 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary we talyplar öz taýýarlan wideorolikleri bilen gatnaşdylar. Ýaşlar öz işlerinde daşky gurşawy goramak, suwy tygşytly ulanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak hem-de ählumumy howanyň üýtgemegi ýaly derwaýys ekologik meseleleri innowasion usullar arkaly beýan etdiler.
Ýaş nesilleriň ekologik medeniýetini kemala getirmekde we olaryň döredijilik ukyplaryny goldamakda bu bäsleşik uly ähmiýete eýe boldy. Dabara gatnaşyjylar döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.