📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
🌲 Gündogar Aziýanyň iň belent agajy anyklandy

Neşir edilen: 10.06.2026

🌲 Gündogar Aziýanyň iň belent agajy anyklandy

Alymlar uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen gözlegleriň netijesinde, Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň Taýwanda ýerleşýändigini resmi taýdan tassykladylar. Taiwania cryptomerioides görnüşine degişli bolan we «Asman gylyjy» diýlip atlandyrylan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Tas on ýyla golaý dowam eden bu ylmy gözlegleriň çäklerinde hünärmenler sebitiň ekoulgamyny öwrenmekde uly öňegidişlik gazandylar.

​Gözleg işlerinde ilki bilen «LiDAR» howadan lazer skanirleme tehnologiýasy ulanyldy. Emma çylşyrymly daglyk gurşaw sebäpli, anyk netijeleri almakda kynçylyklar ýüze çykdy. Şol sebäpli taslama ýüzlerçe meýletinçiler çekilip, maglumatlar elin seljerildi we alpinistleriň agajyň depesine çykyp, göni ölçeg geçirmegi netijesinde rekord hasaba alyndy. Gözlegçiler, şeýle hem, boýy 65 metrden uzyn bolan 941 sany agajy öz içine alýan «Taýwanyň ägirt agaçlarynyň kartasyny» düzdüler.

​Taýwandaky bu açyş sebit üçin täze rekord bolsa-da, ählumumy derejede dünýäniň iň beýik janly organizmi diýen ady ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Milli sekwoýa parkynda ýerleşýän «Giperion» (Hyperion) atly agaç göterýär. 2006-njy ýylda hasaba alnan bu sekwoýanyň beýikligi 115,92 metre ýetýär. Bu görkeziji paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň (118 metr) beýikligine golaýlaşyp, tutuş bir desga bilen bäsleşmäge ukyplydyr.