Ählihalk bag ekmek dabarasynda 611 müňden gowrak nahal ekildi • Panamada dünýäniň iň ownuk ýaprakly agajy tapyldy • Howa maglumaty: Nowruzdan soň gyş bolmaz...
Yza
Gazagystan gaplaňlar üçin on müňlerçe agaç ekýär

Neşir edilen: 16.03.2026

Gazagystan gaplaňlar üçin on müňlerçe agaç ekýär

Gazagystanda seýrek duş gelýän ýyrtyjylaryň täze öýi boljak, meýdany 415 müň gektardan gowrak bolan "Ili-Balhaş" döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň (WWF) habar bermegine görä, bu ädim gaplaňlaryň populýasiýasyny gaýtadan dikeltmek boýunça 2017-nji ýylda başladylan halkara maksatnamanyň möhüm bölegidir. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly serişdeler gönükdirilýär: Gazagystan tarapy 117 million teňňe (Gazagystanyň pul birligi), WWF bolsa 10 million ýewro möçberinde maýa goýar. Şeýle-de, Niderlandlar Patyşalygy hem bu asylly işe öz goşandyny goşup, her ýyl 200 müň ýewro peşgeş berer. Häzirki wagtda goralýan meýdan 1 müň inedördül kilometri eýeleýän bolsa, geljekde bu çägi 5 müň inedördül kilometre çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar. Meýilnama laýyklykda, ýyrtyjylar ilkinji gezek 2024-2025-nji ýyllarda tebigata goýberiler. Oňa çenli hünärmenler sebitiň ekoulgamyny we haýwanlaryň iýmit goruny doly dikeltmegi, şeýle-de ýörite awçylar toparyny taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Alymlaryň çaklamasyna görä, amala aşyrylýan bu çäreler netijesinde gaplaňlaryň sany 15 ýyldan soň 75-e, ýarym asyrdan soň bolsa 180-e ýeter.