
Neşir edilen: 26.03.2026
Aralyň geljegi ýaşlaryň elinde: Täze innowasion bäsleşige badalga berildi
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) Türkmenistanyň ýaş oýlap tapyjylarynyň arasynda «Geljegiň Araly — çözgütleri şu gün döretmek» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu başlangyç Aralýaka sebitiniň ekoulgamyny dikeltmek üçin täzeçil çözgütleri ýüze çykarmagy maksat edinýär.
Bäsleşige 15-25 ýaş aralygyndaky ähli işjeň ýaşlar gatnaşyp bilerler. Hödürlenilýän innowasion pikirler 3D modeller ýa-da özboluşly çeper gurnamalar (installýasiýalar) görnüşinde kabul edilip, olar esasan «ýaşyl» infrastruktura, suw serişdelerini tygşytly dolandyrmak we durnukly sarp etmek medeniýeti ýaly möhüm ekologiýa mowzuklaryna degişli bolmalydyr.
Sargytlar 2026-njy ýylyň 22-nji maýyna çenli kabul edilýär. Bäsleşigiň iň gyzykly pursady 3-nji iýunda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçiriljek sergi we açyk ses berişlik bolar. Ýeňijiler bolsa 5-nji iýunda — Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününde sylaglanar.