
Neşir edilen: 18.03.2026
Köýtendagyň "reňkli mozaikasy": Efemeroidleriň irki we köpçülikleýin gülleýşi hasaba alyndy
Uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy gözegçilikler şu ýyl Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinde düýpli üýtgeşmeleriň bolup geçendigini tassyklaýar. Mart aýynyň birinji ýarymynda dag eňňitleriniň dürli reňklere bürelmegi, baharyň adatdakysyndan 15 gün öň gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu täsinligiň esasyny efemeroid ösümlikleri düzýär. Efemeroidlere dürli görnüşli çigildemler, däligöjele, sary gaz sogany we beýleki ösümlikler degişli bolup durýar. Olar soganlarynda ýygnanan iýmit maddalarynyň hasabyna, howa 0°C-den ýokary galan badyna çalt ösüp başlaýarlar. Köýtendagyň eteginde ilki bilen sary gaz sogany peýda bolan bolsa, onuň yzy bilen Kesselringiň kolhikumy we reňkli çigildemler dagyň görküne görk goşýar. Efemeroidleriň ömri gysga bolsa-da, olar tebigatyň iň agyr şertlerine — gyşyň aýazyna we tomsuň yssysyna döz gelmegi başarýan täsin ösümliklerdir.