«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
🐝 Tebigatyň täsinligi: matematik arylar

Neşir edilen: 01.05.2026

🐝 Tebigatyň täsinligi: matematik arylar

Arylar diňe bir zähmetsöýer bolman, eýsem ökde matematikler hem eken! Italiýaly we awstraliýaly biologlaryň geçiren täze ylmy barlagy arylaryň sanamagy başarýandygyny görkezdi.

Mundan ozal alymlar: «Arylar hakykatdan hem sana düşünýärmi ýa-da diňe şekilleriň ululygyna seredýärmi?» diýen sowala jogap gözlediler. Täze geçirilen barlagda arylaryň şekilleri saýgaryş aýratynlygy giňişleýin öwrenildi. Barlagyň netijesi arylaryň şekilleri ölçegine däl-de, sanyna görä tapawutlandyrýandygyny subut etdi. Bu bolsa mör-möjekleriň aň-düşünjesiniň biziň çak edişimizden has çylşyrymlydygyna şaýatlyk edýär.