
Neşir edilen: 14.05.2025
Türkmenabatda «Durnukly geljek: ýaşlar we tebigat» eko-festiwaly geçirildi
2-nji maýda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdepde «Durnukly geljek: ýaşlar we tebigat» atly eko-festiwal geçirildi. Bu çäre ÝUNESKO-nyň bilimi ekologiýalaşdyrmak baradaky Maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň sekretariaty, Bilim ministrligi we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Dabarada okuwçylar Watanymyzyň tebigatyny wasp edýän aýdym-sazlar we goşgular bilen çykyş etdiler. Şeýle hem çäräniň çäginde ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsine bagyşlanan sergi guraldy.

Festiwalyň iň gyzykly pursatlarynyň biri amaly ekologiýa sapagy boldy: myhmanlar we okuwçylar bilelikde ýörite eko-gaplara pomidor nahallaryny ekdiler. Çäräniň ahyrynda «Ýaş tebigatçy» guramasy tarapyndan işjeň gatnaşan mugallymlara we okuwçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.