
Neşir edilen: 15.10.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat howa dialogyny döretmegi teklip etdi
15-nji oktýabrda Bakuda geçirilýän Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça maslahatyň 7-nji sammitininde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Döwlet Baştutanynyň pikirine görä, bu dialog ýurtlaryň tejribe alyşyp, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de “ýaşyl” çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri işläp düzýän köptaraplaýyn meýdança öwrülmelidir. Serdar Berdimuhamedow gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara hyzmatdaşlary bu başlangyja goldaw bermäge çagyrdy.
Şeýle-hem Prezident howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa howpsuzlygynyň häzirki zamanyň çynlakaý çagyryşlarynyň hatarynda galýandygyny, Türkmenistanyň bolsa bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň yzygiderli tarapdarydygyny nygtady. Ol şeýle-de AÖHYBÇ-e agza ýurtlaryň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, döwrebap tebigaty goraýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we global howa üýtgemeleri şertlerinde milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak ugrunda tagallalaryny birleşdirmegiň wajypdygyny belledi.