Ählihalk bag ekmek dabarasynda 611 müňden gowrak nahal ekildi • Panamada dünýäniň iň ownuk ýaprakly agajy tapyldy • Howa maglumaty: Nowruzdan soň gyş bolmaz...
Yza
Alymlar subut etdi: Tebigatda 3 minutlyk gezelenç – beýnidäki oňyn üýtgeşmeleriň açary

Neşir edilen: 18.03.2026

Alymlar subut etdi: Tebigatda 3 minutlyk gezelenç – beýnidäki oňyn üýtgeşmeleriň açary

Halkara alymlar topary tarapyndan geçirilen täze ylmy derňewler tebigatda gysga wagtlyk gezelenç etmegiň hem adam beýnisiniň işine düýpli täsir edýändigini subut etdi. “Neuroscience & Biobehavioral Reviews” žurnalynda çap edilen barlagyň netijelerine görä, tebigy gurşaw beýnidäki dartgynlylygy peseldip, ony dikeliş ýagdaýyna geçirýär.

 Alymlar bu hadysa «kaskad kanunalaýyklygy» diýip at berdiler. Barlaglara görä, beýni tebigy şekilleri şäher gurşawynyň çalt we gysby maglumat akymyndan has aňsat kabul edýär. Netijede, stres derejesi peselip, ýürek urşy we dem alyş kadalaşýar. Beýniniň howp we dowamly biynjalyklyk bilen bagly bölekleriniň işjeňligi peselip, adamyň ünsi dynç almaga gönükdirilýär.

 Esasy zat bolsa, bu oňyn üýtgeşmeler gezelenjiň bary-ýogy üçünji minutyndan başlap ýüze çykýar.