📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
Ýurdumyzda howa durnuklylygynyň hukuk esaslaryna bagyşlanan kitap çap edildi

Neşir edilen: 26.03.2026

Ýurdumyzda howa durnuklylygynyň hukuk esaslaryna bagyşlanan kitap çap edildi

«Ylym» neşirýaty tarapyndan köpçülige hödürlenen täze monografiýa Türkmenistanyň howa syýasatynyň kanunçylyk binýadyny öwrenmäge gönükdirilendir. Ekologiýa hukugy boýunça bilermen, hukuk ylymlarynyň kandidaty Ýolbars Kepbanowyň «Howanyň durnuklylygynyň hukuk esaslary: Türkmenistanda howa hakyndaky kanunçylygyň emele gelşi we ösüşi» atly bu işinde ýurdumyzda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň hukuk gurallary ylmy taýdan seljerilýär.

Kitapda halkara-hukuk resminamalarynyň milli kanunçylyk bilen utgaşdyrylyşy, pudagara hyzmatdaşlyk we durnukly ekoulgamy döretmegiň ýollary beýan edilýär. Bu monografiýa döwlet gullukçylary, ekologlar, hukukçylar we talyplar üçin gymmatly gollanma bolar.

🔗 "Ýaş tebigatçy"