
Neşir edilen: 17.02.2024
Aşgabatda «Deňiz süýdemdirijileri çagalaryň gözi bilen» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi
2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Aşgabatda «Deňiz süýdemdirijileri çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Deňiz süýdemdirijilerini goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan bu ekologiýa taslamasy «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Çagalar gaznasy tarapyndan guraldy.
Bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden gatnaşan mekdep okuwçylary suw ekoulgamlarynyň ýaşaýjylaryny we Hazar düwlenini goramaga bagyşlanan suratlaryny hem-de dürli el işlerini görkezdiler. Guramaçylar ýeňijilere diplomlary we ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar hem-de şeýle çäreleriň ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekdäki ähmiýetini bellediler.