Neşir edilen: 23.03.2026
Panamada dünýäniň iň ownuk ýaprakly agajy tapyldy
Smitson institutynyň botanikleri Panamada “Clusia nanophylla” atly täze agaç görnüşini hasaba aldylar. Bu ösümlik öz maşgalasynda iň ownuk ýapraklary bilen tapawutlanýar. Latyn dilinden terjime edilende "nanophylla" sözi "kiçi ýaprak" diýmegi aňladýar.
Bu ösümligi öwrenmegiň taryhy 2000-nji ýylda başlandy we onuň aýratynlygyny tassyklamak üçin alymlara 25 ýyl gerek boldy. 2024-nji ýyldaky barlaglar netijesinde tebigatda bu agajyň diňe 5 sanysynyň galandygy anyklandy.
Bu agaçlar kaktuslar ýaly CAM fotosintezini ulanýarlar — ýagny bugarmany azaltmak üçin kömürturşy gazyny gijelerine özüne siňdirýärler. Agajyň ýyldyz şekilli miweleri bolup, olaryň içindäki mämişi reňkli tohumlar guşlar tarapyndan iýilýär we tebigata ýaýradylýar. Sütüninden sarymtyl, süýt şekilli şire çykarýan bu agajyň ýalpyldawuk we galyň ýapraklary bar.
Ngýobe-Bugle sebitinde tokaýlaryň çapylmagy we täze ýollaryň gurluşygy sebäpli bu görnüş eýýäm ýitmek howpy astynda diýlip yglan edildi. Alymlar daşky gurşawy goraýjylaryň haýal etmän çäre görmegi netijesinde soňky bäş agajyň ýer ýüzünden doly ýok bolup gitmeginiň öňüni alyp bolar diýip nygtaýarlar.