
Neşir edilen: 02.06.2026
🌊 Balkan welaýatynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça okuw maslahaty geçirildi
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenbaşy şäherindäki «Ish Nokady» koworking merkezinde ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çärä ýerli ekologiýa meýletinçileri, welaýat we şäher häkimlikleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.

Okuw maslahaty Hazar deňzini galyndylardan we plastmassa önümlerinden goramak boýunça sebit taslamasynyň çäklerinde guraldy. Çäräniň esasy maksady ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan we Hazar deňziniň gurşawynyň arassalygyny gorap saklamakdan ybarat boldy. Şeýle hem gatnaşyjylar sebitde ekologik bilimi ösdürmäge gönükdirilen BMGÖM-niň «Howa gutusy» (Climate Box) maksatnamasy bilen tanyşdyryldy.

Okuw maslahatynyň dowamynda tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak, önümçilik we durmuş galyndylaryny dogry dolandyrmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaşlar ýurdumyzyň tebigatyny goramak barada taýýarlanan wideoşekillere tomaşa etdiler we ekologiýa boýunça meýletinçilik çärelerine goşant goşmagyň ugurlaryny seljerdiler.

Şeýle çäreler sebitde ekologik medeniýeti kemala getirmek we ýaşlary daşky gurşawy goramak başlangyçlaryna çekmek babatda örän ähmiýetlidir.