
Neşir edilen: 01.06.2026
🌤️ Howa maglumaty: hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 1-7-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň çäginde günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23°С-dan +24...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+33°С maýyldan +35...+37°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28...+33°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +22...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+35°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36°С maýyldan +36...+41°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23°С-dan +22...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+35°С maýyldan +36...+41°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +28...+33°С maýyldan +32...+37°С aralygynda yssy bolar.
Bu gün täze hepdäniň we tomus paslynyň ilkinji güni... Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala ojaklaryňyzda asudalygy, egsilmez berekedi arzuw edýäris.