«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
🌦️ Howa maglumaty: ýagyşly günlere garaşylýar

Neşir edilen: 04.05.2026

🌦️ Howa maglumaty: ýagyşly günlere garaşylýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, aprel aýynyň 4-10-njy maý aralygynda ýurdumyzyň çäginde günorta-günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14...+16°С-dan +19...+21°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+26°С maýyldan+35...+37°С aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +16...+21°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +21...+26°С maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+17°С-dan +17...+22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +23...+28°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +17...+22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+29°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +18...+23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda       az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15°С-dan +16...+21°С aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+27°С-dan +31...+36°С aralygynda maýyl bolar.

Maý ýagşy bilen janlanýan tebigat — ynsan kalbynyň iň täsirli ylham çeşmesi. Hepdäňiz üstünliklere beslensin!