📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
🐋 «Timmi» operasiýasy: Örküçli kit Atlantik ummanyna dolanýar

Neşir edilen: 01.05.2026

🐋 «Timmi» operasiýasy: Örküçli kit Atlantik ummanyna dolanýar

Timmi atly örküçli kiti halas etmek boýunça giň gerimli halkara çäre özüniň iň jogapkärli tapgyryna gadam basdy. THP-niň habar bermegine görä, ýöriteleşdirilen gämi äpet haýwany Demirgazyk deňzine, ondan bolsa Atlantik ummanyna çykarmak üçin ýola düşdi.

Timmi mart aýynyň başyndan bäri Baltika deňziniň ýalpaklygynda galyp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Ony çuň suwlara gaýtarmak babatda hökümet tarapyndan edilen synanyşyklar netije bermänsoň, işe hususy haýyr-sahawatçylar goşuldy. Halas ediş çäresini maliýeleşdirýän nemes telekeçisi Karin Waltermommeriň aýtmagyna görä, haýwanyň ýaşamak ugrundaky egsilmez yhlasy bu çylşyrymly işi dowam etdirmäge esasy itergi boldy.

Häzirki wagtda halas ediş kerweni Daniýanyň suwlary arkaly Skagerrak bogazyna tarap uzaýan 400 kilometrlik ýoly sökýär. Bütin dünýä Timminiň öz dogduk mekany bolan Atlantik ummanyna dolanyp barmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Gäminiň hereketini «Vesselfinder» portaly arkaly aýny wagtynda yzarlap bolýar.