📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
🐬 Seýrek görnüş: Hytaýda täze doglan delfin hasaba alyndy

Neşir edilen: 19.04.2026

🐬 Seýrek görnüş: Hytaýda täze doglan delfin hasaba alyndy

Fuszýan welaýatynyň Sýamen kenarýaka suwlarynda bäş sany uly hytaý delfini bilen täze doglan delfinjik hasaba alyndy. Hünärmenleriň çaklamagyna görä, heniz bir aýlyk delfin çagasy häzir çal reňkde bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen onuň reňki agarar. Bu delfinjik, sebitde ýylyň dowamynda duş gelen ilkinji delfin çagasydyr. Bu barada «Большая Азия» media çeşmesine salgylanyp, THP habar berýär.

Hytaý delfinleri daşky gurşawyň arassalygyna örän duýgurdyrlar. Şonuň üçinem, sebitde olaryň populýasiýanyň durnukly saklanmagy deňiz suwunyň arassadygyny we ekologiýa çäreleriniň netije berýändigini görkezýär.