
Neşir edilen: 16.03.2026
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden belleniler
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy mynasybetli giň gerimli medeni çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Baýramçylygyň esasy dabaralary 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyrylar. Şeýle-de, ähli welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde ýörite sergiler we konsertler guralar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” internet neşiri habar berýär. 16-njy martda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gelse Nowruz äleme» atly serginiň açylyşy bolar. Onda halkymyzyň köpasyrlyk Nowruz däpleri, hususan-da, täzeleniş nyşany bolan semeni tagamy barada gyzykly maglumatlar hödürlener. Mundan başga-da, 17-19-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda TSTB-nyň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler. Bu çäre ýurdumyzyň hususy pudagynyň ykdysady üstünliklerini we importyň ornuny tutýan önümçilik mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir. Paýtagtymyzyň teatrlary hem öz gezeginde tomaşaçylar üçin baýramçylyk repertuarlaryny taýýarladylar.