«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
Millionlarça “mawy göz”: Ýaponiýanyň meşhur seýilgähinde nemofila gülleri açyldy

Neşir edilen: 24.04.2026

Millionlarça “mawy göz”: Ýaponiýanyň meşhur seýilgähinde nemofila gülleri açyldy

Ýaponiýanyň meşhur «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän jadyly möwsümi başlandy. Aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam edýän bu tebigy täsinlik seýilgähiň giň meýdanlaryny asman mawy reňkine boýady. Ortasy ak, gyralary bolsa mawy öwüşginli bolansoň, «mawy gözler» diýlip atlandyrylýan bu näzik ösümlikleriň sany şu ýyl 5 milliona ýetirildi. Bu bolsa Miharaşi baýyrlygynda gezelenç edýän syýahatçylarda edil asmanyň üstünde ýöreýän ýaly üýtgeşik täsir döredýär.

Tokiodan bary-ýogy iki sagatlyk uzaklykda ýerleşýän bu seýilgähdäki görnüş, häzirki wagtda meşhurlygy boýunça sakuranyň gülleýşi bilen bäsleşýär. Güller baýyrlyklaryň ýüzüni mawy düşek ýaly örtüp, aprel aýynyň ahyrynda — ýurduň içinde işjeň syýahat edilýän «Altyn hepdelik» döwründe öz gözelliginiň iň ýokary derejesine ýetýär. Seýilgähiň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, bu täsin görnüşi maýyň 10-na çenli synlamak mümkindir.