Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
Tebigata bolan söýgi sözlerde: «Bagy-bossan Watanym!» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Neşir edilen: 16.10.2026

Tebigata bolan söýgi sözlerde: «Bagy-bossan Watanym!» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Aşgabatda «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik işleriniň we makalalaryň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Sylaglaýyş dabarasy 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylym-tehnologiýa parkynyň kiçi mejlisler zalynda geçirildi.

Bäsleşigi «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde guradylar.

«Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýli Şyhmedowa öz çykyşynda ähli gatnaşyjylara işjeň gatnaşandyklary we bildiren gyzyklanmalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň sözlerine görä, käbir gatnaşyjylar üçin şeýle bäsleşiklere gatnaşmak olar üçin ilkinji gezek gatnaşmak we ilkinji ýeňiş bolmagy mümkin. Emma seýle çäreleriň watandaşlarymyzyň tebigata aýawly garamagyna we ondan gündelik durmuşda dogry peýdalanmagyna uly goşant goşýandygyny aýtdy. Leýli Şyhmedowa şeýle hem gatnaşyjylaryň käbirleriniň özleriniň «Ýaş Tebigatçy» guramasynyň agzalarydygyny ýatlatdy.

Dabarada «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň işgärleri, bölüm redaktorlary Ogultäç Oraztaganowa, Ahmet Geldiýew we Ulugberdi Hanmämmedow dagylar çykyş etdiler.

Işler iki ugur boýunça — «Makala» we «Döredijilik» ugurlary boýunça bahalandyryldy.

«Makala» ugry boýunça Baş baýrak Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri Döwran Gullyýewe gowşuryldy. Ýeke-täk birinji orny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Döwrangeldi Şakulow eýeledi. Ikinji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň aspiranty Aýtaç Durdygylyjowa, üçünji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Muhammetnur Ýazgeldiýew mynasyp boldy. Höweslendiriji sylaglara Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mugallymy Aýgözel Mekandurdyýewa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby Maksat Çaryýew mynasyp boldular.

«Döredijilik» ugry boýunça Baş baýrak Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy Nurgeldi Ilgeldiýewe berildi. Birinji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bazar Annaýew eýeledi. Ikinji orna Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Umyda Rahmetjanowa, üçünji orna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Oguljan Myradowa mynasyp boldy. Höweslendiriji sylaglara Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Stanok nakgaşçylygy» hünäri boýunça 1-nji ýyl talyby Jeren Bäşimowa we Türkmen oba hojalyk institutynyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň mugallymy Bibi Taganowa mynasyp boldular.

Sylaglaýyş dabarasy ýokary guramaçylykly we gyzgalaňly ýagdaýda geçdi, gatnaşyjylar we çykyş edenler tebigat barada öz hekaýalary hem-de döredijilik işleri bilen paýlaşdylar.