📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
Aşgabatda «Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň» atly eko-festiwal geçirildi

Neşir edilen: 08.05.2023

Aşgabatda «Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň» atly eko-festiwal geçirildi

5-nji maýda Aşgabat seýilgähinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň” atly eko-festiwal geçirildi. Daşky gurşawy gorap saklamaga bagyşlanan çärä ekologlar, talyplar we dürli ýaşdaky paýtagtlylar gatnaşdylar.

Festiwalyň açylyşynda çykyş eden ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bu çäräniň ýaşlara ekologiýanyň ähmiýetini we galyndylary gaýtadan işlemegiň peýdalaryny düşündirmekde örän netijelidigini belläp geçdi.

Medeni çäräniň çäginde ekologik çykyşlar, plastik galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça öwrediji sapaklar, eko-oýunlar we gaýtadan işlenen önümlerden taýýarlanylan lybaslaryň "eko moda" görkezilişi gurnaldy.