
Neşir edilen: 13.05.2026
🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar
Köýtendagyň täsin tebigatyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek ugrunda möhüm ädim ädildi. Şu ýylyň 5-8-nji maýy aralygynda Germaniýanyň Mihael Zukkow adyndaky Tebigaty goramak gaznasynyň bilermenleri Köýtendagda iş saparynda boldular. Bu saparyň esasy maksady Köýtendagyň täsin tebigy gurşawyny öwrenmek we halkara ölçeglerine laýyklykda baha bermekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu uly taslama Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikdäki tagallasy bolup, Köýtendagyň täsin gowaklaryny, jülgelerini we karst emele gelmelerini öz içine alýar. Iki ýurduň serhedinde ýerleşýän bu bitewi dag ulgamy özüniň seýrek duş gelýän ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen dünýä ähmiýetine eýedir. Eýýäm 2025-nji ýylda degişli resminamalar ÝUNESKO-nyň merkezine gowşurylypdy, häzirki sapar bolsa şol taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry boldy.

Öňde entek nominasiýa bukjasyny kämilleşdirmek we resminamalaryň gutarnykly toplumyny taýýarlamak ýaly jogapkärli işler dur. Köýtendagyň halkara sanawa girizilmegi bu ajaýyp künjegi geljekki nesiller üçin gorap saklamaga we Merkezi Aziýada tebigaty goramak ugrundaky hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ýardam eder.
