«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär

Neşir edilen: 21.08.2026

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär

Häzirki günlerde geçirilýän «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň ýörite taýýarlan stendi körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň iň köp ýygnanýan, baý mazmunly nokatlarynyň birine öwrüldi. Eýýäm üç gün bäri dowam edýän bu gyzgalaňly çärede ýüzlerçe çaga ekologik bilimiň hem-de şatlyk-şowhunyň gaýnap joşýar ýerinde özlerini hakyky tebigatçy hökmünde duýmaga mümkinçilik alýarlar.

Guramamyzyň stendi çagalaryň ekologiýa sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, daşky gurşawa bolan söýgüsini artdyrmaga we wagty netijeli geçirmäge gönükdirilendir. Stendimizde meýletinçilerimiziň gatnaşmaklarynda körpelere «Eco Jenga», «Save the planet springer», «Eco-themed T-shirt activity», «Eco sorting», «Tangram» hem-de «Bu nämäniň ýapragy?» ýaly gyzykly eko-oýunlar garaşýar.

Oýunlar bilen bir hatarda, stendimizde galyndylary dolandyrmak we gaýtadan ulanyşa girizmek boýunça ussatlyk sapaklary geçirilýär. Aýratyn hem, tejribeli hünärmenlerimiziň gatnaşmagynda çagalaryň dürli ösümlikleri ekip görmegi olarda uly täsir we galdyrýar.

Şeýle hem, serginiň çäginde iň gowy stende ses bermek bäsleşigi dowam edýär. Biziň işlerimizi goldamak we «Ýaş tebigatçynyň» stendini iň gowy diýip seçmek üçin 0590 gysga belgä 517 tekstini SMS arkaly ugrap bilersiňiz. Bize ses bermegi unutmaň!

Wagtyňyzy şadyýan, peýdaly we ekologiýa taýdan bilimli geçirmek üçin ähliňizi «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» sergisindäki stendimize çagyrýarys! Biz size sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!