«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
🌷 Lissede 7 million gülüň baýramçylygy başlandy

Neşir edilen: 21.04.2026

🌷 Lissede 7 million gülüň baýramçylygy başlandy

Lisse şäherinde ýerleşýän dünýä belli «Kýokenhof» seýilgähi täze möwsüme girişdi.

Niderlandlaryň gülçülik sungatynyň täsin nusgasyny hödürleýän bu seýilgähde şu ýyl 800-den gowrak gül görnüşi köpçülige görkeziler. Çäräniň dowam etjek sekiz hepdäniň içinde seýilgäh diňe bir gözellik däl, eýsem, ekologiýa we sanly dolandyryş ulgamynyň nusgasyny hem görkezer. Indi seýilgähe giriş petekleri ýörite wagt aralygy boýunça amala aşyrylar hem-de gündelik gelýänleriň sany gözegçilikde saklanar.