«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
🐝 Türkiýedäki «ary myhmanhanasy» Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Neşir edilen: 12.06.2026

🐝 Türkiýedäki «ary myhmanhanasy» Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Türkiýäniň Adana welaýatynda ýabany tozlandyryjy mör-mörjekler üçin gurlan üýtgeşik ekologik desga dünýäniň iň uly «ary myhmanhanasy» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ekologik taýdan arassa, tebigy serişdelerden gurlan bu desganyň umumy meýdany 45,63 inedördül metre barabardyr. Onuň içinde ýabany arylaryň we beýleki peýdaly mör-mörjekleriň howpsuz şertlerde höwürtgelemegi üçin müňlerçe ýörite gowajyklar döredildi.

Taslamanyň esasy maksady — tozanlandyryjy mör-möjekleriň sanynyň goralmagyna we dikeldilmegine ýardam etmekden ybarat. Sebäbi ýabany arylar hem-de mör-mörjekler tebigy ekoulgamlaryň durnukly işlemeginde, şeýle hem agrosenagat toplumynyň durnukly ösmegini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýärler.

Hünärmenleriň bellemegine görä, bu taslama tebigaty goramagyň we adamzat bilen daşky gurşawyň sazlaşygyny üpjün etmegiň ajaýyp nusgasydyr.