
Neşir edilen: 09.04.2026
Hytaýda tebigy yşyklandyryş: Köçeleri "ýanýan" ösümlikler ýagtylandyrar
Hytaýly biotehnologlar elektrik energiýasyny sarp etmezden, seýilgähleri we syýahatçylyk zolaklaryny yşyklandyryp biljek täze ösümlikleriň synagyny şowly geçirdiler. Bu innowasiýa genetiki inženeriýa arkaly amala aşyrylyp, ösümlikleriň düzümine ýaldyrawuk tomzaklaryň we käbir kömelekleriň genleri ýerleşdirildi. Häzirki wagtda bu tehnologiýa günebakar we orhideýa ýaly ösümlikleriň 20-den gowrak görnüşinde barlanyldy.

Bu taslamanyň awtory Li Ženhanyň aýtmagyna görä, täze usul iki görnüşde işleýär: birinjisi, ösümligiň öz-özünden ýagtylyk öndürmegi; ikinjisi bolsa, ýapraklaryň içine ornaşdyrylan ýörite metal bölejikleriniň gündizine günüň energiýasyny ýygnap, gijesine ony yşyk görnüşinde yzyna bermegi. Bu täzeçillik şäherleriň ekologiýasyny gowulandyrmaga we uly mukdardaky elektrik energiýasyny tygşytlamaga mümkinçilik berer.