«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
🌦️ Howa maglumaty: maý ýagyşlary dowam edýär

Neşir edilen: 11.05.2026

🌦️ Howa maglumaty: maý ýagyşlary dowam edýär

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, aprel aýynyň 11-17-nji maý aralygynda ýurdumyzyň çäginde günorta-günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.

  • Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14...+16°С-dan +21...+23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +26...+28°С maýyldan +35...+37°С aralygynda yssy bolar.

  • Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+18°С-dan +19...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +26...+31°С maýyl bolar.

  • Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+17°С-dan +18...+23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.

  • Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+17°С-dan +19...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +26...+31°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.

  • Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +18...+23°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.

  • Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda         az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +17...+22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +23...+28°С-dan +31...+36°С aralygynda maýyl bolar.

Goý, ýagjak ýagyşlar bereket getirsin! Täze hepde ýakymly pursatlara we üstünliklere beslensin!