
Neşir edilen: 15.06.2026
🌦️ Howa maglumaty: hepdäniň dowamynda az-kem ýagyş ýagar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 15-21-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň çäginde günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24°С-dan +26...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35°С maýyldan +38...+40°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29...+34°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36°С maýyldan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36°С maýyldan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+35°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.
Tomsuň yssy günlerinde saglygyňyza seredip, öýden çykanyňyzda ýanyňyz bilen salkyn suw alyp gitmegi hem-de pyýada ýöräniňizde kölegeli ýerlerden peýdalanmagy maslahat berýäris.
Hepdäňiz üstünliklere beslensin!