«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
⛈️ Howa maglumaty: hepdäniň birinji ýarymynda – ýagyş

Neşir edilen: 20.04.2026

⛈️ Howa maglumaty: hepdäniň birinji ýarymynda – ýagyş

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 20—26-njy aprel aralygynda ýurdumyzyň çäginde günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar. 

  • Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+14°С-dan +17...+19°С aralygynda maýyl, gündizlerine +18...+20°С-dan +31...+33°С aralygynda maýyl bolar.

  • Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +18...+23°С-dan +30...+35°С aralygynda maýyl bolar.

  • Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+13°С-dan +13...+18°С aralygynda maýyl, gündizlerine +27...+32°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +16...+21°С maýyl bolar.

  • Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15°С-dan +14...+19°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+26°С-dan +30...+35°С aralygynda maýyl bolar.

  • Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9...+14°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+26°С-dan +30...+35°С aralygynda maýyl bolar.

  • Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9...+14°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +18...+23°С-dan +28...+33°С aralygynda maýyl bolar.

Bu hepdede garaşylýan ýagyşlar ekilen ýaş nahallaryň gowy kök urmagyna ýardam eder. Tebigatyň janlanýan pursatlaryndan lezzet alyň!