
Neşir edilen: 13.04.2026
Howa maglumaty: “Guý, ýagyş! Eziber tallaň saçlaryn...”
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 13—19-njy aprel aralygynda ýurdumyzyň çäginde günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 15-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+10°С-dan +15...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +17...+19°С-dan +23...+25°С aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 14-19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7...+12°С-dan +13...+18°С aralygynda maýyl, gündizlerine +15...+20°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 14-19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7...+12°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+26°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13...+18°С maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 13-18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+13°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl, gündizlerine +17...+22°С-dan +27...+32°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 13-18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+11°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +15...+20°С-dan +27...+32°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 14-19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+11°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+18°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl bolar.