«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
🌦️ Howa maglumaty: Aprel ýagynly pursatlar bilen hoşlaşýar

Neşir edilen: 27.04.2026

🌦️ Howa maglumaty: Aprel ýagynly pursatlar bilen hoşlaşýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, aprel aýynyň 27-den maý aýynyň 3-i aralygynda ýurdumyzyň çäginde çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.

  • Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+15°С-dan +17...+19°С aralygynda maýyl, gündizlerine +23...+25°С-dan +29...+31°С aralygynda maýyl bolar.

  • Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+26°С-dan +29...+34°С aralygynda maýyl bolar.

  • Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+16°С-dan +14...+19°С aralygynda maýyl, gündizlerine +26...+31°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20...+25°С maýyl bolar.

  • Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15°С-dan +13...+18°С aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+27°С-dan +28...+33°С aralygynda maýyl bolar.

  • Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15°С-dan +16...+21°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+29°С-dan +30...+35°С aralygynda maýyl bolar.

  • Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+17°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30°С-dan +30...+35°С aralygynda maýyl bolar.

Tebigatyň her bir pursady, şol sanda ýagmyrly günler hem özboluşly gözellige eýe. Saýawanlaryňyzy ýanyňyza almagy we şeýle pursatlaryň lezzetini duýmagy unutmaň!