«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Neşir edilen: 07.04.2026

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekip, Türkmenistanyň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň şertleriniň biri hökmünde sport ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada TDH habar berýär.

Welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanyndan başlandy. Bu çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, diplomatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem talyplar we ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň türgenler gatnaşdy. Ýörişiň ugry paýtagtyň döwrebap şaýollaryndan geçdi. Welosiped ýörişine gatnaşyjylaryň geçýän ýollarynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Çäräniň dowamynda sporty ösdürmegiň we ekologik taýdan arassa ulagy wagyz etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygy nygtaldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Bütindünýä welosiped gününiň esaslandyrylmagy milli sport diplomatiýasynyň halkara derejedäki esasy üstünlikleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerine görelde bolmak bilen, özüniň ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi.

Welosiped ýörişi şäheriň merkezindäki Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk, üstünlik arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.

Baýramçylyk mynasybetli şeýle köpçülikleýin sport we medeni çäreler Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem geçirildi.